Barlagçy Ehsan Soltaniniň ABŞ-nyň Ilat ýazuw býurosynyň we Hytaýyň gümrük gullugynyň maglumatlaryna esaslanýan wizuallaşdyrmasy 2000-2024-nji ýyllarda dünýä söwdasyndaky özgerişlikleri görkezýär. Şol ýyllaryň dowamynda Hytaý daşary söwdasynyň möçberleri boýunça ABŞ-dan öňe geçdi we dünýäniň köp ýurtlary üçin esasy hyzmatdaşa öwrüldi. 2000-nji ýylda Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň söwdasynyň möçberi 2 trillion dollar bolup, Hytaýyňkydan (474 milliard dollar) dört esse köp bolupdy. Şol döwürde Hytaý diňe Kuba, Eýran, Liwiýa, Mýanma, Mongoliýa, Demirgazyk Koreýa, Oman, Sudan, Tanzaniýa we Wýetnam ýaly birnäçe ýurt üçin esasy hyzmatdaşdy. 2024-nji ýyla çenli ABŞ-nyň söwda mukdary ortaça ýyllyk 4,2% ösüş bilen 167% ösdi. Hytaýyň ösüşi bolsa 1200%, ortaça ýyllyk ösüş depgini 11,3% boldy. 2024-nji ýylda ABŞ-nyň umumy söwda mukdary 5,3 trillion dollar, Hytaýyňky bolsa 6,2 trillion dollar boldy. Hytaý Aziýanyň, Gündogar Ýewropanyň, Ýakyn Gündogaryň, Okeaniýanyň, Günorta Amerikanyň we Afrikanyň köp ýurtlary üçin esasy söwda hyzmatdaşyna öwrüldi.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 2 days ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir