Porsche awtoulag öndürijisi köne elektromobil batereýalaryny gaýtadan işläp, olaryň düzümindäki gymmatly materiallary täze batereýalarda gaýtadan ulanmak üçin ýörite taslama işe girizdi. Esasy maksat – önümçilikde ýapyk aýlaw döretmek hem-de durnuksyz çig mal bazaryna bolan garaşlylygy azaltmak. Bu barada «Electrek» neşiri habar berýär. Ulanylan batereýalar ýörite enjamlar bilen ezilýär we «gara massa» diýlip atlandyrylýan çig mal alynýar. Bu massanyň düzüminde nikel, kobalt, marganes we litiý ýaly gymmatly metallar bolýar. Soňra bu metallary arassalap, hersi aýratynlykda bölünip çykarylýar we täze batereýalaryň önümçiliginde peýdalanylýar. Munuň bilen bir hatarda, Porsche Germaniýanyň Dormagen şäherinde batereýalary gaýtadan işleýän uly zawody gurýan Cylib atly startapy hem goldaýar. 22 müň inedördül metr meýdany bolan bu kärhanada her ýyl 30 müň tonna çenli köne batereýalar gaýtadan işleniler. Bu zawod Ýewropadaky şeýle görnüşli kärhanalaryň iň ulusy bolar. Bu çemeleşmeler Porsche-niň uglerod bitaraplygyna ýetmek strategiýasyna laýyk gelýär hem-de 2031-nji ýylda güýje girjek Ýewropa Bileleşiginiň batereýalaryň gaýtadan işlenmegine degişli täze düzgünlerine laýyklykda amala aşyrylýar.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 2 days ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir