Tesla kompaniýasy ABŞ bilen Hytaýyň arasynda dowam edýän söwda gapma-garşylyklary sebäpli, Model S we Model X elektromobilleri üçin Hytaýda sargytlary kabul etmegini bes etdi. Bu barada «Teslarati» habar berýär. Häzirki wagtda Tesla China-nyň resmi web sahypasynda diňe Model 3 we Model Y modelleri elýeterli. Müşderilere Model S, Model X we Cybertruck barada diňe maglumat almaga mümkinçilik berilýär. Şeýle-de bu iki model boýunça täze sargytlary kabul etmek Tesla-nyň Hytaýda ulanylýan WeChat mini messenjerindäki hasabynda hem togtadyldy. Tesla-nyň Hytaýdaky Gigafactory zawody diňe Model 3 we Model Y öndürýär. Model S we Model X bolsa ABŞ-dan getirilýär. Şonuň üçin olar hytaýly alyjylar üçin has gymmat bolýar. Ähtimal, Tesla-nyň Hytaýdaky bölümi bu modeller boýunça sargytlary kabul etmegi şol sebäpden besen eden bolmaly. Hytaý ABŞ-dan getirilýän harytlara salynýan gümrük paçlarynyň möçberini 125%-e çenli ýokarlandyrdy. Bu karar ABŞ-nyň hytaý harytlaryna salynýan gümrük paçlarynyň möçberini 145%-e çenli ýokarlandyrmagyna garşy jogap hökmünde kabul edildi.