Hytaýyň Russiýadaky ilçisi Çžan Hanhueýiň «TASS» agentligi bilen söhbetdeşlikde aýtmagyna görä, DeepSeek emeli aň ulgamy açyk çeşme kodlaryny saklap galar, bu bolsa bütin dünýä üçin peýdaly bolar. «Hytaýyň DeepSeek neýron tory açyk çeşme kodlaryny hödürläp, emeli aň tehnologiýalaryny bütin dünýä bilen bilelikde ulanmaga mümkinçilik berýär. Şeýle-de meşhur HuggingFace platformasynda açyk çeşmeli meşhur modelleriň ýarysyna golaýy hytaýly işläp düzüjiler tarapyndan döredilendir» — diýip, diplomat aýtdy. DeepSeek kompaniýasy DeepSeek-R1 we DeepSeek-V3 ýaly ösen emeli aň modelleri bilen tanalýar. Bu modeller ýokary netijeliligi bilen tapawutlanyp, türgenleşdirmek üçin çykdajylarynyň azlygy bilen hem ünsleri özüne çekýär. Mysal üçin, DeepSeek-V3 modelini türgenleşdirmek bary-ýogy 6 million dollara düşdi – bu bolsa OpenAI tarapyndan döredilen GPT-4 ýaly modeller bilen deňeşdirilende ep-esli arzandyr. DeepSeek dürli dillerde teksti işlemekde, matematikada we programmirlemekde ýokary netijeleri görkezýär. Ýatlatsak, mundan ozal OpenAI kompaniýasy ABŞ-nyň milli howpsuzlygyna howp salýandygyny öňe sürüp, Hytaýyň DeepSeek emeli aň ulgamynyň gadagan edilmegini teklip sedipdi.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 2 days ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir