ABŞ-nyň Milli gözleg müdirligi (NRO) özüniň täze hemra ulgamyny giňeltmek üçin, SpaceX-iň Falcon 9 raketasy bilen NROL-192 atly missiýany amala aşyrdy. Bu uçuş SpaceX üçin hem möhüm waka boldy, sebäbi Falcon 9 raketasy 400-nji gezek gaýtadan ulanyldy diýip, «Spaceflight Now» habar berýär. Bu missiýada ulanylan Falcon 9 raketasynyň birinji basgançagy (B1071 belgili enjam) eýýäm 24-nji gezek uçuryldy. Ol öňki uçuşlarynda hem NRO we Starlink üçin hyzmat edipdi. Bu gezek hem uçuşdan, takmynan, sekiz minut soň, bu basgançak «Of Course I Still Love You» atly deňizde ýerleşýän platforma üstünlikli gondy. Bu göteriji raketanyň şu güne çenli 430-njy gezek gondurylmagy bolup durýar. Bu uçuş NRO-nyň dünýäde iň ösen, durnukly we güýçli hemra ulgamlarynyň birini döretmek ugrunda edýän tagallalarynyň bir bölegidir. Bu hemra ulgamy SpaceX tarapyndan ABŞ-nyň hökümeti üçin taýýarlanylýan «Starshield» atly aýratyn görnüşli hemralardan ybaratdyr. «Kämilleşdirilen toplum gaýtadan baryp gelme wagtyny gysgaldýar we gözegçiligiň durnuklylygyny ýokarlandyrýar, has gowy koordinasiýany üpjün edýär we maglumatlaryň işlenilişini, birleşdirilişini hem-de geçirilişini tizleşdirýär. Bularyň ählisi bolsa has ýokary durnuklylyk we howpsuzlyk bilen amala aşyrylýar» — diýip, NRO-nyň direktory Kris Skoleze aýtdy. Soňky ýyllarda SpaceX kompaniýasy NRO üçin 150-den gowrak hemrany uçurdy.