Ukrainaly Aleksandr Usik we britaniýaly Daniel Dýubua super agyr agramda absolýut dünýä çempiony adyny almak ugrunda söweşmek üçin şertnama baglaşmaga ýakyn. Bu barada çeşmelere salgylanyp, The Ring habar berýär. Neşiriň maglumatlaryna görä, tutluşygy 12-nji iýulda Londondaky “Uembli” stadionynda geçirmek meýilleşdirilýär. 22-nji dekabrda Usik ikinji gezek Taýson Fýuriden üstün çykyp, WBC, WBA we WBO-nyň çempion guşaklaryny saklady. Fýuri bilen birinji söweşden soň, ol absolýut çempion boldy, ýöne soň rewanş üçin IBF titulyndan ýüz öwürdi. Sentýabrda erkin guşagy Entoni Joşuany nokauta düşüren Dýubua aldy. Usik we Dýubua 2023-nji ýylyň awgustynda duşuşypdy – şonda ukrainaly dokuzynjy raundda nokaut bilen ýeňdi. 38 ýaşly Usik Olimpiýa çempiony bolup, onuň hasabynda 23 ýeňiş bar, ol ýeňilmän galýar. 27 ýaşly Dýubua 24 söweşe gatnaşyp, 22 ýeňiş gazandy we iki ýeňlişe sezewar boldy.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 2 days ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir