Günsaýyn kämilleşýän “emeli aň”, “sanly ulgamlar”, “kämilleşýän aragatnaşyk tehnologiýalary” we “innowasion döredijilikli dizaýn” ýaly onlarça ugurlar boýunça täze hünärler döreýär. Bu bolsa ýaşaýyş durmuşymyzyň ähli ugurlaryna öz täsirini ýetirýär. Ýakyn geljekde bu täze tehnologiýalaryň ylym-bilim ulgamynda, senagatyň ähli pudaklarynda, döredijilikde, telekeçilik we halkara gatnaşyklarda täze mümkinçilikleri döredýänligi hemmämize mälimdir. Täze innowasiýalary ulanmak, täzeçe pikirlenmek, öwrenmäge ymtylmak diňe uly ýaşly adamlar üçin däl, eýsem, geljegimiziň hakyky eýeleri bolan çagalarymyz üçin hem örän zerurdyr. Kiçi ýaşlardan çagalaryň käbiri surat çekmek, çyzgy çyzmak arkaly içki düýäsini kagyzlara geçirýär. Bu hereket olaryň aňastyndaky umman ýaly giň döredijilik dünýäsiniň ujypsyzja önümidir. Ene-atalar çagany goldawy, söýgüsi bilen näderejede gurşasalar, çagalarda bar bolan bu ukyp-başarnyklar has-da çalt kämilleşýär. Bu bolsa çagada öz özüne bolan ynamy döredýär we şahsyýet hökmünde kämilleşmegiň täze basgançaklaryna atarýar. Kä çaga bolsa gürlemegi halamaýar, käte töweregi bilen gatnaşygy pes ýa-da başgaça aýdanymyzda, özbaşdak hereketi saýlaýar. Bular ýaly çagalar özbaşdak pikirlenmegi, gündelik durmuşynda ýüze çylýan soraglara dogry, özüni ynandyrjak jogaplar gözlemegi halaýar. Olar synlamak, diňlemek, pikir ýöretmek netijesinde aň astyndaky maglumatlary ulanmak arkaly çalt analiz etmek ukyplaryny kämilleşdirýär. Bu çagalar ýazmaga, okamaga, dil baýlygyny giňeltmäge we täzelikleri öwrenmäge has ukyply bolýar. Şonuň üçin hem kiçi ýaşda bolsa-da çagalaryň soraglaryny diňläň we onuň düşünjek derejesinde jogap bermäge synanyşyň. Käbir çagalar bolsa kiçi ýaşlaryndan gürrüň bermegi, diňlemegi we köpçülik bilen gatnaşygy halaýar. Ene-atalar üçin iň möhüm zat – çagalarda bar bolan güýçli taraplaryny, olaryň ukyp-başarnyklaryny dogry anyklamak we şol ugurda olaryň kämilleşmeklerine goldaw we ýardam bermekdir. Okuw we bilim almak – çaga hem-de onuň ene-atasy üçin öňünde goýan maksatlaryna, arzuwlaryna ýetmegiň iň güýçli serişdesi we köprüsi bolup durýar. Bu serişde we köpri döwrüň talaplaryna, çaganyň ukyp-başarnyk we häsiýet aýratynlyklaryna laýyklykda ulanylanda has hem täsirli bolýar. CURIOOKIDS BILEN GELJEGE TARAP YNAMLY ÄDIŇ! Aşgabat şäherinde “Bilesigeliji” okuw merkezi, döwrüň talaplaryna laýyk, çagalaryň ukyp-başarnyklaryna esaslanýan özboluşly usulyýeti hödürleýär. Bu usulyýet dünýäde giňden ulanylýan “Curioo Kids Global English Learning World” okuw maksatnamasyna esaslanýar. Bu okuw meýilnamasy Kembrij uniwersiteti we Malaýziýanyň okuw maksatnamalarynyň esasynda taýýarlanyldy. Bu ýerde çagalar diňe iňlis dilini öwrenmegiň dürli usullaryny däl, eýsem şol bir wagtda iňlis dilinde: tehnologiýalar bilen içgin tanyşmak; döredijilikli dizaýn we telekeçilik esasly pikirlenme ukybyny ösdürmek; şahsyýet hökmünde ösüşine goşant goşmak ýaly başarnyklaryny ösdürýärler. Sapaklar özleşdirilende her bir okuwça indiwidual çemeleşmek esasly we interaktiw usulyýetde geçilýär. Her toparda okuwçy sany 10-12 bolup, bu geçilýän sapaklaryň has täsirli bolmagyna we mugallymlaryň okuw prosesinde her bir okuwça aýratyn üns bermegine uly mümkinçilik döredýär. Okuw merkezinde CBAS (Curioo Behaviouaral Aptitude System), ýagny çaganyň özüni alyp baryş we ukyp-başarnyklaryny anyklaýyş ulgamy ulanylýar. Bu ulgama laýyklykda, okuw tapgyrynyň başynda çaganyň umumy ukyp-başarnyk ýagdaýy hakynda degişli synag sowalnamalary (assesmentler) alynýar. Şeýle hem çaganyň ene-atasyndan hem çagany tanamak maksatly degişli sowalnamalar arkaly maglumatlar alynýar. Okuw tapgyryndaky okuwlaryň dowamynda mugallymlar tarapyndan her çaga degişli (işjeňlik, başarnyk, islegler, mümkinçilikler, ukyplary, döredijilikli pikirlenme, döredijilikli dizaýn ..) ýagdaýlary hem gözegçilik edilýär. Degişli maglumatlar ýygnalýar, seljerilýär we ene-atalar bilen paýlaşylýar. Bu bolsa çaganyň haýsy başarnyklary güýçlenýändigi, ukyplary, onuň ösüş prosesleri we çaganyň islegleri hakynda ene-atalara möhüm maglumat bolýar. Bu seljermeler çaganyň geljeginiň, şahsyýetiniň kämilleşmegine dogry usullar bilen çemeleşäge uly goldaw berýär. CURIOO KIDS OKUW MERKEZINDE 15-NJI APRELDEN BAŞLAP, TOMUSKY OKUW TAPGYRYNA ÝAZYLYŞYK BAŞLADY! Has giňişleýin maglumat almak üçin telefon belgileri arkaly habarlaşyp, şeýle hem Instagram sahypasyndaky täzelikleri yzarlap bilersiňiz. Salgysy: Aşgabat ş., N.Gullaýew (Nagina) köçesi, jaý 33 Habarlaşmak üçin: +993 71 803535; +993 71 80-65-65; 26-69-65. Instagram: @curioo.turkmenistan TikTok: @curioo.turkmenistan

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 2 days ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir