NASA-nyň astronomlary «Habbl» orbital teleskopynyň täze düşüren suratyny paýlaşdylar. Bu suratda ölüp barýan äpet ýyldyzyň kosmosa zyňan, ionlaşan ägirt uly gaz bulutlaryny görmek bolýar. Täze düşürilen surat «Kohoutek 4-55» diýlip atlandyrylýan planetar dumanlygy görkezýär. Bu dumanlyk Ýerden bary-ýogy 4600 ýagtylyk ýyly uzaklykda, Guw ýyldyzlar toparynyň ugrunda ýerleşýär. Planetar dumanlyklar gyzyl äpetleriň ýa-da örän uly äpetleriň ömrüniň soňky tapgyrynda daşky gatlaklaryny zyňmagy netijesinde emele gelýär. Şeýle görnüşli dumanlyklar bary-ýogy birnäçe on müň ýyl ýaşaýarlar, bu bolsa astronomik ölçeglerde gaty gysga wagt hasaplanylýar. Galaktikamyzda «Kohoutek 4-55» bilen bilelikde bize mälim bolan, takmynan, 1500 sany planetar dumanlyk bar.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 2 days ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir