Samsung kompaniýasy täze orta aralyk Galaxy M56 5G smartfonyny hödürledi. Bu bildiriş Amazon India-da tizer arkaly berildi, resmi taýdan smartfony 17-nji aprelde tanyşdyrmak meýilleşdirilýär. Model inçe - bary-ýogy 7,2 mm-lik korpusy bilen tapawutlanýar. Galaxy A56 5G -den tapawutlylykda, täze önüm birneme agras dizaýna eýe: gapdal gyralary indi tekiz. Key Island-yň firma çözgüdinden ýüz öwürmek kararyna geldiler. Täze önümiň esasy aýratynlygy - 50 MP esasy datçikli (optiki durnuklaşdyryjyly), 8 MP ultra giň burçly modully we 2 MP makro kameraly üç esasy kamerasynyň bolmagy. Samsung ulgamy "Monster Camera" diýip atlandyrýar we ýörite AI prosessorynyň kömegi bilen gijeki surata düşüriş mümkinçiliklerine ünsi çekýär. 12MP-lik öňdäki kamera bu baha segmentinde seýrek bolýan 10 bitli HDR wideosyny ýazga alyp biler. sAMOLED ekrany Galaxy M55-den 33% ýagty , çarçuwalary bolsa 36% inçe boldy. Esasy aýratynlyklaryň biri, adatça has gymmat modellerde oturdylýan Gorilla Glass Victus + gorag aýnasy ulanylmagy. Yzky paneldäki kameralar “gerde” görnüşinde düzülendir. Şeýle hem, enjam obýekti aýyrmak ýaly, AI surat işleýiş gurallary bilen bilelikde gelýär. Bahasy entek açylmady, ýöne modeliň Galaxy A56 5G-den arzan bolmagyna garaşylýar.

Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 3 days ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir