Alýaskanyň ýaşaýjylary asmandaky täsin halka görnüşli ýagtylygy wideo düşürdiler. Bu hadysa görenleri ilkibada gorkuzsa-da, soň bu ýagtylygyň NASA-nyň geçiren synaglary bilen baglanyşyklydygy anyklanyldy. Kosmos agentligi Poker-Flet synag meýdançasyndan birnäçe raketalary uçurypdyr. Gök reňkli ýalpyldylar, tüweleýler we ýagty halka asmanda şol sebäpden peýda bolupdyr. Bu synag «AWESOME» (Auroral Waves Excited by Substorm Onset Magnetic Events) atly ylmy taslamanyň çäginde geçirilen eken. Taslamanyň esasy maksady – magnit hadysalarynyň atmosferanyň ýokarky gatlaklaryna, aýratyn-da termosfera edýän täsirini öwrenmek. Alnan maglumatlar alymlara Gün tupanlarynyň dowamynda bolup geçýän hadysalara has gowy düşünmäge kömek eder. NASA-nyň wekilleriniň aýtmagyna görä, bu barlaglar kosmosyň howasynyň öňünden çaklanylmagyna kömek eder. Bular emeli hemralary we energetika ulgamlaryny Günüň işjeňliginden goramak üçin möhüm bolup durýar.