B.e.öň 1750-nji ýylda Mesopotamiýanyň ýaşaýjysy tarapyndan hili pes haryt üçin ýazylan şikaýat arzasy taryhda iň gadymylaryň biri hasaplanýar. Onuň awtory Nanni söwdagär Ea-nasirden satyn alan mis tokgalarynyň hilinden nägile bolupdyr. Bu artefakt barada giňişleýin makala bilen ScienceAlert neşiri paýlaşdy. Öz nägilesini Nanni 11,6 x 5 sm ululykdaky palçykdan ýasalan tablisada galdyrdy. Şikaýatyň teksti tablisanyň iki tarapyna-da ýazylypdyr. Akkad dilinden terjime Adolf Leo Oppengeým tarapyndan edildi. Ol 1967-nji ýylda ony özüniň “Mesopotamiýadan hatlar” kitabynda neşir etdi. Görnüşi ýaly, Nanni haryt üçin öňünden tölän bolsa gerek. Harydy alanda bolsa ony mis tokgalarynyň hili lapykeç eden bolmaly. Ol birnäçe gezek söwdagäre öz adamlaryny iberip, puluny yzyna gaýtaryp bermegi talap edýär, ýöne bu netije bermeýär. Nanniniň aýtmagyna görä, söwdagär ilçiler bilen gödek gürleşip, olaryň özüni gödeklikde aýyplapdyr. Alyjy indi mis tokgalaryny diňe öz howlusynda barlajakdygyny aýtdy. Dawanyň nähili çözülendigi belli däl. Gyzykly ýeri, bu tablisa Ea-nasiriň öýünde tapyldy. Ol ýerde başga müşderileriň hem arzalary bardy – söwdagär olaryň ählisini saklap galan bolmaly. Ýöne Nanniniň nägilesi, ähtimal, iň ýitisi we iň irkisi bolsa gerek.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 3 days ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir