Peruwly ýazyjy we edebiýat boýunça Nobel baýragynyň eýesi Mario Wargas Llosa 89 ýaşynda aradan çykdy. Ol Limada maşgalasynyň arasynda ýogaldy diýip, onuň maşgalasynyň beýanynda aýdylýar. “Onuň aradan çykmagy garyndaşlaryny, dostlaryny we bütin dünýädäki okyjylary gynandyrar, ýöne biz olaryň, biz ýaly, onuň uzak, üýtgeşik we netijeli ömür sürmeginden hem-de özünden soň has uzak ýaşajak zähmeti galdyrmagyndan teselli tapjakdygyna umyt edýäris” – diýip, ýazyjynyň çagalary ýazýar. Mario Wargas Llosa 1936-njy ýylda Peruwyň günortasynda dünýä indi. Ol ýetginjeklik döwründe La Crónica gündelik gazetiniň reportýory bolup işledi. Özüniň “Şäher we itler” (Город и псы) atly ilkinji romanyny 1963-nji ýylda çykardy. 1969-njy ýylda ““Ybadathanadaky” söhbet” (Разговор в „Соборе“) romany çykdy we The New York Times-yň ýazmagyna görä, ol awtora latyn amerikan edebiýatyndan daşary uly meşhurlyk getirdi. Ýazyjynyň beýleki belli eserleriniň arasynda “Ýaşyl öý” (Зеленый дом), “Näletkerde, ýa-da Geçi baýramy” (Нечестивец, или Праздник Козла), “Huliýa daýzajan we ýazyjysumak” (Тетушка Хулия и писака), “Ahyrzaman urşy” (Война конца света), “Kelt düýşi” (Сон Кельта) we ş.m. bar. 1990-njy ýylda Mario Wargas Llosa Peruwyň prezidentligine dalaş etdi. Saýlawlaryň birinji tapgyrynda 34% ses bilen birinji ýeri eýeledi, ýöne ikinji tapgyrda inžener-agronom Alberto Fuhimoriden ýeňildi. 1990-njy ýyldan soň ýazyjy, esasan, Peruwyň daşynda – Londonda we Madridde ýaşady. 2010-njy ýylda Mario Wargas Llosa “häkimiýet gurluşynyň jikme-jik beýany we aýaga galan, göreşen we ýeňlişe sezewar bolan adamyň ýiti suratlandyrmasy üçin” edebiýat boýunça Nobel baýragyny aldy. 2023-nji ýylda ýazyjy “Size öz dymyşlymygy bagyşlaýaryn” (Я посвящаю вам свое молчание) romanynyň edebiýat karýerasynda iň soňky eseri boljakdygyny aýtdy.