Galaxy S25 Ultra-nyň eýeleri giňburçly kameranyň surata düşürýän wagty titräp, yrgyldap başlaýandygyny aýdýarlar. Bu mesele, ähtimal, enjamyň özündäki näsazlyk bilen baglanyşykly diýip, «Android Authority» neşiri habar berýär. Bu kemçilik sebäpli, 50 megapiksellik giňburçly kamerany ulanyp bolmaýar. Reddit-de we Samsung-yň jemgyýetçilik sahypalarynda ulanyjylar bu näsazlygyň Snapchat ýaly daşarky programmalarda-da ýüze çykýandygyny belleýärler. Mesele iPhone 14 Pro-da ýüze çykan optiki stabilizasiýa ulgamyndaky näsazlyga meňzeýär, emma Galaxy S25 Ultra-nyň kamerasynda beýle ulgam ýok. Bu ýagdaý awtofokusda ýa-da beýleki mehaniki böleklerde näsazlygyň bardygyny görkezýär. Käbir ulanyjylar bu meseläni enjamyň programma üpjünçiliginiň täzelenmegi bilen baglanyşdyrýarlar, emma Samsung bu baglanyşygy häzirlikçe tassyklanok. Smartfonlaryň eýeleriniň käbirleri hyzmat merkezlerine ýüz tutupdyrlar we ol ýerde kameralary çalşylypdyr, mesele enjam bilen bagly kemçilik hökmünde kabul edilipdir.

Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 3 days ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir