Hytaý Aýy özleşdirmek boýunça uly ädim ädýär: 2028-nji ýylda «Çanýe-8» (Chang’e 8) missiýasy Aýyň ýüzündäki toprakdan 3D çap usuly arkaly kerpiç çap etmegi synagdan geçirer. Bu tehnologiýa Hytaýyň 2030-njy ýyllarda gurmagy meýilleşdirýän Halkara Aý ylmy-barlag stansiýasynyň (ILRS) gurluşygynyň esasyny düzüp biler diýip, «Space.com» neşiri habar berýär. Hytaýly alymlar tarapyndan işlenip düzülen enjam Günüň şöhlesini optiki süýüm arkaly jemläp, topragy 1400-1500°C-ä çenli gyzdyrýar. Erän material soňra dürli ölçegli kerpiçlere öwrülýär. «Ýerli çeşmeleri ulanmak» diýlip atlandyrylýan bu usul, materiallary Ýerden Aýa eltmek boýunça ýokary çykdajylaryň öňüni almaga mümkinçilik döreder. Aýyň topragy, ýagny regolit gurluşyk üçin peýdaly minerallara baýdyr. «Çanýe-8» missiýasy – ilkinji synag däl. Hytaý mundan ozal hem Aýyň topragyna meňzeş materialdan ýasalan kerpiçleriň nusgalaryny Tiangong kosmos stansiýasyna iberipdi. Olar şol ýerde üç ýyl bäri kosmosyň kyn şertlerinde synagdan geçirilýär. Synaglarda gazanylan üstünlik materialyň radiasiýa we ýokary temperaturadaky üýtgeşmelere garşy çydamlydygyny görkezdi. «Çanýe-8» missiýasy şeýle-de geljekde guruljak bazalar üçin tehnologiýalary synap görer, şol sanda Aýyň günorta polýusynda suw gözlemek işini hem amala aşyrar.