Apple-yň smartfon we planşet önümçiligi boýunça esasy hyzmatdaşlarynyň biri bolan Taýwanyň Foxconn Technology Group kompaniýasy Hindistanyň Bangalor şäherinde täze zawod gurýar. Bu zawod 1,2 million inedördül metr meýdany bilen Foxconn-yň Hytaýdakydan soň iň uly ikinji zawody bolar diýip, «Handelsblatt» neşiri habar berýär. «Project Elephant» taslamasynyň şu ýylyň dowamynda işe girizilmegi meýilleşdirilýär. Täze zawod arkaly, Hindistanda öndürilýän iPhone-laryň sanyny ýylyň ahyryna çenli iki esse artdyryp, ýylda 25-30 milliona ýetirmek meýilleşdirilýär. ABŞ-nyň Hytaýdan getirilýän harytlara salynýan gümrük paçlarynyň möçberini 145%-e çenli ýokarlandyrandygy sebäpli, bu ädim Apple-a kömek edip biler. Sebäbi Hindistandan getirilýän harytlara 26% möçberde gümrük pajy salynýar we ol hem 90 günlük yza süýşürildi. «Reuters» neşiriniň habaryna görä, Apple Hindistandaky Foxconn zawodynyň önümçiligini artdyrmak üçin, işçileriň sanyny köpeldip, ýekşenbe günleri hem çalşykly işleri eýýämden ýola goýdy. Ýatlatsak, Apple gümrük paçlary güýje girizilmänkä, Hindistandan ABŞ-a bäş sany uçarda iPhone we beýleki enjamlaryny iberipdi. Analitikleriň pikirine görä, täze nyrhlar sebäpli, ABŞ-da iPhone-laryň bahalary 43% ýokarlanyp, 2,3 müň dollara ýetip biler, eger-de önümçilik ABŞ-a geçirilse, bir modeliň bahasy 3,5 müň dollara çenli hem baryp biler.