Beýik Britaniýanyň London şäherinde 8-nji aprelde Britaniýanyň kino we telewideniýe sungaty akademiýasynyň guramagynda «BAFTA Games Awards» baýragynyň 21-nji gowşurylyş dabarasy geçirildi. Dabaranyň jemlerine görä, ähli nominasiýalar boýunça 2024-nji ýylyň iň gowy oýunlary yglan edildi. Esasy baýrak Astro Bot oýnuna berildi. Bu oýun 2024-nji ýyldaky gowşurylyş dabarasynda hem ýeňiji bolupdy, şeýle-de bu gezek jemi bäş dürli nominasiýa boýunça baýrak aldy. Ähli nominasiýalar boýunça ýeňijileriň sanawy: ·Animasiýa: Astro Bot ·Sungatda üstünlik: Neva ·Sesde üstünlik: Astro Bot ·Iň gowy oýun: Astro Bot ·Britan oýny: Thank Goodness You’re Here ·Ilkinji gezek çykan oýun: Balatro ·Üstünlikli ösýän oýun: Vampire Survivors ·Maşgala üçin oýun: Astro Bot ·Diňe güýmenje üçin bolmadyk oýun: Tales of Kenzera: Zau ·Oýun dizaýny: Astro Bot ·Köp oýunçyly oýun: Helldivers 2 ·Aýdym-saz: Helldivers 2 ·Hekaýa: Metaphor: ReFantazio ·Täze intellektual eýeçilik: Still Wakes the Deep ·Baş keşbi ýerine ýetiriji: Alek Nýuman (Kaz Makliri, Still Wakes the Deep oýnunda) ·Ikinji derejeli keşbi ýerine ýetiriji: Karen Danbar (Finli, Still Wakes the Deep oýnunda) ·Tehniki üstünlik: Senua’s Saga: Hellblade II ·BAFTA-nyň stipendiýasy: Ýoko Simomura