9-njy aprelde Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary A.Gurbanow bilen Italiýanyň daşary işler we halkara hyzmatdaşlygy ministriniň orunbasary Edmondo Çirielliniň arasynda duşuşyk geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-nde habar berdiler. Duşuşygyň dowamynda energetika geçişi, suw çeşmeleri, saglygy goraýyş, oba hojalygy, ýokary bilim we ulag ýaly meseleleri öz içine alýan “2024-2025-nji ýyllar üçin Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Italiýanyň arasyndaky köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyň torlaryny döretmek boýunça Hereketleriň meýilnamasyny” tassyklamak başlangyjy boýunça pikir alyşmalar geçirildi. Söwda-ykdysady we maýa goýum hyzmatdaşlygynyň möçberini ýokarlandyrmagyň ýollaryna aýratyn garaldy. Nebit-gaz we demir ýol pudaklary, dokma senagaty, oba hojalygy we suw dolandyryşy ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda kegitlenildi. Mundan başga-da, ynsanperwer ulgamda, hususan-da bilim, arheologiýa we medeniýet ugurlarynda gatnaşyklary berkitmek baradaky özara ygrarlylyk bellenildi.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 6 days ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir