Şu gün, 12-nji aprelde Türkmenistanyň Mejlisiniň ýedinji çagyrylyşynyň sekizinji maslahaty geçiriler. Anna güni geçirilen Hökümet mejlisiniň barşynda Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa nobatdaky maslahatyň gün tertibi barada aýtdy. Bellenilişi ýaly, deputatlar: “Kazyýet hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň täze beýanynyň taslamasyny, “1966-njy ýylyň Ýük markalary hakynda halkara Konwensiýasyna degişli 1988-nji ýylyň Teswirnamasyna goşulmak hakynda”, “Türkmenistanyň “Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna” atly ýubileý medalyny döretmek hakynda” Türkmenistanyň Kanunyna goşmaça girizmek hakynda”, “Türkmenistanyň käbir kanunçylyk namalaryna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda”, “Administratiw önümçilik hakynda” Türkmenistanyň Kanunyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda”, “Awtomobil ulagy hakynda” Türkmenistanyň Kanunyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda”, “Migrasiýa hakynda” Türkmenistanyň Kanunyna goşmaçalar we üýtgetmeler girizmek hakynda” Türkmenistanyň Kanunlarynyň taslamalaryny ara alyp maslahatlaşarlar. Şeýle hem maslahatyň dowamynda Türkmenistanda adam hukuklary boýunça ygtyýarly wekil — Adalatçynyň maglumaty diňleniler.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 6 days ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir