Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary A.Gurbanowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti «Dünýäde dialog, ynanyşmak, parahatçylyk, howpsuzlyk» atly halkara maslahata gatnaşdy. 10-njy aprelde bolan maslahat Italiýanyň Aziýa instituty bilen Türkmenistanyň Italiýadaky ilçihanasy tarapyndan bilelikde guraldy. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň resmi saýtynda habar berildi. Habarda bellenilişi ýaly, çäräniň dowamynda BMG-niň 2025-nji ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilmeginiň inklýuziw, adalatly we durnukly dünýäni gurmaga mümkinçilik berýändigi bellenildi. Şeýle hem, Türkmenistanyň başlangyjynyň ähli döwletleri dünýä tertibiniň esasy ýörelgesi hökmünde parahatçylyk we ynanyşmak pikirlerini durmuşa geçirmek üçin bilelikdäki işi başlamaga çagyryş bolup durýandygy bellenildi. Italiýanyň daşary işler we halkara hyzmatdaşlygy ministriniň orunbasary Edmondo Çirielli Italiýanyň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmäge ygrarlydygyny nygtady. Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Türkmenistan bilen Italiýanyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň geljeginiň uly mümkinçilikleriniň bardygyna ynam bildirdi.