Samsung Android 15 esasly täze One UI 7 täzelenmesini aljak smartfonlaryň sanawyny ýuwaş-ýuwaşdan giňeldýär. Täze interfeýs ilkinji gezek fewralda Galaxy S25 hatary bilen tanyşdyrylypdy. Täzelenme golaýda Galaxy S24 hatary we Z hatarynyň täze modelleri üçin elýeterli boldy. Munuň yzysüre kompaniýa geljekki üç aýyň dowamynda täze programma üpjünçiligine geçjek beýleki smartfonlaryň sanawyny hem mälim etdi. Bu sanaw kompaniýanyň içerki forumynda işgärleriň biri tarapyndan ýerleşdirildi. Doly sanaw aşakdaky ýaly: ·Aprel (eýýäm täzelenenler): Galaxy S24 (FE wersiýasyndan başga), Galaxy Z Fold 6, Galaxy Z Flip 6 we Galaxy Z Fold Special Edition; ·Aprel (täzelenmegine garaşylýar): Galaxy Z Fold 5, Galaxy Z Flip 5, Galaxy Tab S10, Galaxy S23 (FE-den başga), Galaxy S24 FE; ·Maý: Galaxy Z Fold 4, Galaxy Z Flip 4, Galaxy Tab S9 (FE-den başga), Galaxy S23 FE, Galaxy Z Fold 3, Galaxy Z Flip 3, Galaxy A34, Galaxy A35, Galaxy S22, Galaxy Tab S8, Galaxy S21 (FE-den başga), Galaxy A16, Galaxy Quantum 5 (Galaxy A55), Galaxy Quantum 4 (Galaxy A54); ·Iýun: Galaxy Tab S9 FE, Galaxy Tab S9 FE Plus, Galaxy A53, Galaxy A33, Galaxy A25, Galaxy A24, Galaxy A15, Galaxy Quantum 3, Galaxy Jump 3, Galaxy Jump 2, Galaxy Buddy 3, Galaxy Tab A9, Galaxy Tab Active 5, Galaxy Tab Active 4 Pro, Galaxy Wide 7. Android 15 esasly One UI 7 täzelenmesi täze dizaýny, interfeýsi şahsylaşdyrmak boýunça giňeldilen mümkinçilikleri we täzeden işlenip düzülen kamera goşundysy bilen tapawutlanýar. Şeýle-de Galaxy AI emeli aň platformasynyň goşmaça mümkinçiliklerine elýeterlilik hem esasy täze aýratynlyklaryň biri boldy. Bu mümkinçilikleriň arasynda tekstler bilen işleşmek, şahsy maslahatlary almak, surat we wideo redaktirlemek ýaly aýratynlyklar bar.