A24 studiýasy 1988-nji ýylda surata düşürilen “Ganly sport” söweşjeň filmini täzeden surata düşürmek hukugyny almak üçin gepleşikler geçirmäge başlady. Bu barada Golliwudyň insaýderi Jeff Snaýder habar berdi. Özüniň garaşsyz taslamalary bilen tanalýan kino kompaniýasy taslama boýewik filmlerine ýöriteleşen tejribeli režissýory çekmek isleýär. Baş keşbi ýaş aktýora bermek meýilleşdirilýär. Asylky filmde ony 27 ýaşly Žan-Klod Wan Damm ýerine ýetiripdi. Onuň remeýke gatnaşjagy-gatnaşmajagy barada entek hiç zat aýdylmady. Režissýor Nýut Arnoldyň bu filminde bikanun söweşlere gatnaşmak üçin Gonkonga baran amerikan goşunynyň esgeri barada gürrüň berilýär. Sýužeti bölekleýin ýagdaýda söweş sungatynyň ussady Frenk Dýuksyň terjimehalyna esaslandy. Taslama işläp taýýarlaýşyň başlangyç tapgyrynda.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 week ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir