Şu gün Arkadag şäherine amala aşyran iş saparynyň barşynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow täze şäherde metjidiň gurulýan ýerine gelip, degişli şekil taslamalar bilen tanyşdy. «Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, bu ýerde Türkmenistanyň müftüsi Ý.Hojagulyýew we Ahal welaýatynyň ymamy R.Gurbanmyradow täze metjitde alnyp barylýan işler barada maglumat berdiler. Bu ýerde Arkadag şäheriniň täze gurulýan metjidiniň bezeg aýratynlyklaryna we onda ulanylýan serişdelere degişli maglumatlar barada hem aýdyldy. Bellenilişi ýaly, Arkadag şäheriniň metjidiniň içinde birbada 30 müň adam namaza durup biler ýaly mümkinçilik döredilýär. Şol sanda täze metjitde birbada 5 müň zenana niýetlenen ýeriň göz öňünde tutulandygy barada hasabat berildi. Şu günler Türkmenistanyň müftüsiniň müdiriýetinde haj parzyny berjaý etmek üçin zyýarata gitmäge isleg bildirýänleri Mekge-Medinä ugratmak boýunça degişli guramaçylyk işleriniň alnyp barylýandygy barada hem aýdyldy. Halk Maslahatynyň Başlygy türkmen ilinde ýol çekmegiň, köpri gurmagyň, metjit bina etmegiň sogap iş hasaplanýandygyny belläp, bu babatda alnyp barylýan işleriň türkmençilik ýörelgelerine laýyk gelmegi ugrunda zerur tagallalaryň edilmelidigini aýtdy. «Haýyr-sahawatyň hasabyna bina edilýän metjitleriň türkmen topragynyň mukaddes künjeginde gurulmagynda çuňňur many bar. Arkadag şäherinde gurulýan metjit hem türkmençilik ýolunyň dowam etdirilýändiginiň aýdyň subutnamasydyr. Şunda ýagşy dessurlary haýyr işler bilen utgaşdyrmak, asyrlar aşyp gelýän mukaddeslikleri sarpalamak ýaly däplerimiziň rowaçlanýandygyny görkezýär» diýip, Gahryman Arkadag belledi. Mukaddes toprakda gadymy hem-de häzirki zaman binagärlik däplerine laýyk gelýän täze, döwrebap metjidiň ulanmaga berilmeginiň parz işleriň dowamat-dowamdygynyň aýdyň güwäsidigini belläp, hajy Arkadag din wekillerine mundan beýläk-de hemmetaraplaýyn hemaýat beriljekdigini aýtdy.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 week ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir