8-nji aprelde Türkmenistanyň Mejlisiniň Daşky gurşawy goramak, tebigatdan peýdalanmak we agrosenagat toplumy baradaky komitetiniň başlygy S.Gaýypowyň Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Konrad Adenauer adyndaky gaznasynyň Merkezi Aziýa boýunça sebitleýin wekili Andre Algermissen bilen duşuşygy geçirildi. Türkmenistanyň Mejlisiniň resmi saýtynda berilýän habara görä, duşuşygyň barşynda german tarapy ýurduň içeri we daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlary, milli Parlamentiň alyp barýan işleri, ýurduň ekologiýa diplomatiýasynda gazanylan üstünlikler bilen tanyşdyryldy. Duşuşygyň dowamynda daşky gurşawy goramak, tebigatdan netijeli peýdalanmak, ylym, bilim, parlamentara gatnaşyklary boýunça hyzmatdaşlygy goldamak babatda söhbetdeşlik edildi. Taraplar Türkmenistan bilen Germaniýanyň arasynda ikitaraplaýyn we «Merkezi Aziýa+Germaniýa» köptaraplaýyn görnüşde, şol sanda Ýewropa Bileleşigi we Türkmenistan hem-de «Merkezi Aziýa+ÝB» görnüşlerde hyzmatdaşlyga aýratyn üns berdiler. Şeýle hem Türkmenistanyň Mejlisiniň Ýewropa Bileleşigi parlamentara dialogy hem-de ÝHHG-niň PA agzasy görnüşdäki gatnaşyklary, Germaniýanyň Bundestagy bilen paralamentara hyzmatdaşlygy goldamagyň ähmiýeti babatda hem bellenilip geçildi.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 week ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir