Türkmenabadyň pagta egriji fabriginde 2025-nji ýylyň birinji çärýeginde nah ýüplügiň 1 müň 331 tonnasy taýýarlanyldy. Ýanwar — mart aýlarynda bu ýerde 57 million 741 müň manatlyk önüm öndürilip, maliýe görkezijileri boýunça meýilnama 138,9 göterim ýerine ýetirildi. Bu barada «Türkmen gündogary» gazeti habar berdi. Habarda bellenilişi ýaly, manat möçberinde önümçiligiň ösüş depgini 132,1 göterime deň boldy. Degişli döwürde ýurduň içerki bazaryndaky dokma kärhanalaryna hem-de daşary ýurtly sarp edijilere gymmatly önümiň jemi 1432 tonnasy ugradyldy. Döwrebap kärhanada öndürilýän nah ýüplükleriň 20, 27, 34 belgili görnüşleri uly islegden peýdalanýar diýlip, habarda bellenilýär.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 week ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir