Şu gün Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynda Türkmenistanyň hem-de daşary ýurtlaryň dil we beýleki ugurly ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda «Iňlis dili» dersi boýunça IV halkara internet olimpiadasynyň açylyş dabarasy geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Bilim ministrligi habar berýär. Internet olimpiadasyna 43 döwletiň 250-ä golaý ýokary okuw mekdebinden 2000-e golaý talyp ýaşlar gatnaşýar. Halkara olimpiadanyň açylyş dabarasynda daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlary sanly ulgam arkaly çykyş edip, bu geçirilýän halkara internet olimpiadanyň talyplaryň dil başarnyklaryny ösdürmekde, dost-doganlygy berkitmek arkaly giň dünýägaraýyşly, öňdebaryjy dilçi ýaşlary kemala getirmekde örän uly ähmiýete eýe boljakdygyny bellediler diýlip, habarda bellenilýär.