Türkmenistanyň medeniýet ministriniň orunbasary Nursähet Şirimow Ulan-Bator şäherine iş saparynyň çäklerinde Mongoliýanyň medeniýet, sport, syýahatçylyk we ýaşlar ministri Çinbat Nomin bilen duşuşyk geçirdi. Taraplar medeniýet we syýahatçylyk ugurlaryndaky hyzmatdaşlygy giňeltmek we çuňlaşdyrmak meseleleri boýunça netijeli pikir alyşdylar. Duşuşygyň dowamynda iki ýurduň arasynda medeni alyş-çalyşy işjeňleşdirmäge gönükdirilen möhüm ylalaşyklar gazanyldy. Hususan-da, Türkmenistanyň Milli muzeýi bilen Aziýanyň iň iri muzeýleriniň biri bolan Mongoliýadaky Çingiz han milli muzeýiniň arasynda hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak baradaky çözgüt kabul edildi. Mundan başga-da, taraplar Mongoliýada türkmen halkynyň milli sungat önümleri we halylary boýunça bilelikdäki sergini guramak barada ylalaşdylar. Bu başlangyç mongol halkynyň türkmen halkynyň baý medeniýeti we özboluşly däp-dessurlary bilen ýakyndan tanyşmagyna mümkinçilik berer. Duşuşykda türkmen medeniýetiniň Mongoliýada tanyşdyrylmagy boýunça çykyşlary guramagyň mümkinçiligi hem ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu çäre medeni gatnaşyklary berkitmegiň ýene bir ädimi bolar. Hyzmatdaşlygyň möhüm ugry hökmünde Türkmenistanyň we Mongoliýanyň nusgawy edebi eserleriniň özara terjime edilmegi we neşir edilmegi göz öňünde tutulýar, bu bolsa iki halkyň ruhy mirasyna has gowy aralaşmaga ýardam eder. Şeýle-de duşuşygyň dowamynda Türkmenistanyň sungat işgärlerine we medeni miras boýunça hünärmenlerine Mongoliýada geçirilýän dünýä belli «Çarwa medeniýeti» festiwalyna gatnaşmak üçin resmi çakylyk berildi. Bu festiwal dünýäniň çarwa halklarynyň medeni dürlüligini görkezmek üçin abraýly meýdança hasaplanýar diýip, mongol metbugaty habar berýär.