Amerikan alymlary Panamanyň tropiki tokaýlaryndaky Dipteryx oleifera agajynyň ýyldyrym urmasyna çydamak hem-de bu urgulary lianalara we beýleki ösümliklere garşy göreşer ýaly ulanmak üçin ewolýusiýa geçirip bilendigini anyklady. Bu barada New Phytologist žurnalyndaky ylmy gözlegde aýdylýar. Hünärmenler 10 ýyllap Barro Colorado Nature Monument goraghanasynyň çäklerinde gözegçilik işini alyp bardy. Bu döwürde olara 100 ýyldyrym urgusyny yzarlamak başartdy. Topar ýyldyrymyň çakan ýerini takyk kesgitläp, bu ýerde tokaýyň ýagdaýyna gözegçilik etdi. Netijede, olar Dipteryx oleifera-nyň beýleki beýik agaçlardan tapawutlylykda ýyldyrymyň çakmagyndan zyýan çekmändigine üns berdi. Zeper ýa-ha örän azdy, ýa-da düýbünden ýokdy. Soňky 40 ýylda ösümlikler baradaky maglumatlaryň seljermesi, bu ösümlikler üçin Dipteryx oleifera-nyň golaýynda ýaşap ölmek ähtimallygynyň beýleki islendik beýik agaçlara garanyňda ýokarydygyny görkezdi. Bir ýyldyrym urgusy 2,4 tonna çenli biomassany we bu agajyň şahalarynda ösýän lianalaryň 80% töweregini ýok edýär. Ylmy gözlegçileriň pikiriçe, agaç sim ýaly elektrik razrýadyny öz içinden geçirýän bolmaly. Ol 40 metre çenli ösýär we ýüzlerçe ýyl ýaşaýar. Bu döwürde ýyldyrym agaja bäş gezek çakyp bilýär. Şol bir wagtyň özünde, ýyldyrymyň çakmagy Dipteryx oleifera-da tohumlaryň sanyny köpeldýär.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 week ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir