9-njy aprelde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyryp, gurulmagy meýilleşdirilýän desgalaryň şekil taslamalary bilen tanyşdy. Türkmen halkynyň Milli Liderine “Ahalteke atlary” şaýolunyň ugrunda oturdylmagy meýilleşdirilýän bedewleriň şekilleri görkezildi. Şekil taslamalary barada Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazow hasabat berdi. Häzirki zaman talaplaryna laýyklykda abadanlaşdyrylýan şaýoluň ugrunda ady rowaýata öwrülen bedewleriň heýkelleri oturdylar. Olary döwrebap binagärlik çözgütlerini özünde jemleýän binýatlaryň üstünde oturtmak meýilleşdirilýär. Şeýle-de Gurbanguly Berdimuhamedowyň ozal beren tabşyryklaryna laýyklykda, heýkeliň binýadynda bedewleriň taryhyna, gelip çykyşyna degişli ýazgylar ýerleşdiriler. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy paýhasly pederlerimiziň taryhyň dowamynda döreden milli gymmatlyklaryna aýratyn ähmiýet berilmelidigini belledi. Munuň özi ýaş nesillerde halkymyzyň milli buýsanjy bolan ahalteke bedewlerine bolan söýginiň has-da artmagyny şertlendirer.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 week ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir