9-njy aprelde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherine iş saparynyň çäklerinde Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazowyň hem-de Arkadag şäheriniň häkimi G.Mämmedowanyň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Bu barada TDH habar berýär. Maslahatyň dowamynda D.Orazow täze şäheriň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, bu tapgyrda meýilleşdirilen gurluşyklara ýerli gurluşyk kompaniýalarynyň we hususy kärhanalaryň 50-den gowragy gatnaşýar. Şol bir wagtyň özünde Arkadag şäheriniň lukmançylyk klasteriniň binalarynyň gurluşygynda ýerli hem-de daşary ýurtlaryň dünýä belli kompaniýalarynyň 5-si işleýär. Şeýle-de D.Orazow Ýaponiýa we Koreýa Respublikasyna iş saparyny amala aşyrmaga hem-de şol ýurtlarda Arkadag şäheriniň lukmançylyk klasteriniň binalarynyň enjamlaşdyrylyşyna gatnaşmaga isleg bildirýän kompaniýalar bilen ylalaşyklary degişli resminamalar arkaly berkitmäge döredilen mümkinçilik üçin Türkmenistanyň Prezidentine hem-de Halk Maslahatynyň Başlygyna hoşallyk bildirdi. Bellenilişi ýaly, halkara maliýe guramalarynyň Arkadag şäheri bilen hyzmatdaşlyk etmäge bolan gyzyklanmalary barha artýar. Häzirki wagtda şäherde Gün panelleri arkaly gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmelerinden elektrik energiýasyny öndürmek maksady bilen, täze tehnologiýalary ornaşdyrmak, suw serişdelerini gaýtadan işlemek üçin niýetlenen taslamalara grant goldawyny bermek boýunça degişli işler alnyp barylýar. Mundan başga-da, Arkadag şäherinde guruljak döwrebap awtomenziliň we ikinji tapgyrda bina ediljek ýokary tehnologiýaly önümçilik toplumlarynyň gurluşygyna grant goldawy görnüşinde maliýe serişdelerini gönükdirmäge gyzyklanma bildirilýändigi aýdyldy. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy ikinji tapgyrda önümçilik desgalarynda ýerine ýetirilýän gurluşyk işleriniň depgininiň ýokarlandyrylmagy, ýerli çig mallardan öndüriljek önümleriň dünýä bazarlaryna eksport edilmegi barada-da birnäçe anyk tabşyryklary berdi. Arkadag şäheriniň häkimi G.Mämmedowa häzirki döwürde şäheriň çäklerinde Türkmen bedewiniň milli baýramyna görülýän toplumlaýyn taýýarlyk işleri barada hasabat berdi. Şeýle-de häkim Monako Knýazlygynda iş saparynda bolup, ikitaraplaýyn şäherara gatnaşyklary ýola goýmagyň meselelerini ara alyp maslahatlaşmaga döredilen mümkinçilik üçin hoşallyk bildirdi. G.Mämmedowa hasabatyny dowam edip, ýurdumyzda giňden bellenilýän Türkmen bedewiniň milli baýramynyň hormatyna guraljak dabaralaryň, halkara çäreleriň Arkadag şäherinde geçirilmeginiň şäheriň ýaşaýjylary üçin uly hormatdygyny belläp, bu babatda ýaýbaňlandyrylan taýýarlyk işleri barada hasabat berdi. Nygtalyşy ýaly, şanly senäniň hormatyna ýurdumyzyň atşynaslar toparyna täze ýaşaýyş jaýlarynyň açarlarynyň gowşurylmagy meýilleşdirilýär.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 week ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir