Paramount Pictures studiýasy “Amal edip bolmajak tabşyryk: Soňky haklaşyk” atly filmiň täze treýlerini çykardy. Tom Kruzyň baş keşbi janlandyrmagynda franşizanyň sekizinji bölümi 23-nji maýda görkeziler. Görkeziljek filmde Itan Hant "Özen" atly dünýä howp salýan AI programmasyna garşy göreşini dowam etdirer. Gahryman oňa ilkinji gezek "Soňky haklaşygyň" - birinji bölüminde duşupdy. Şeýle hem Kruz bilen birlikde özleriniň blokbasterdäki keşplerine Isaýa Morales, Saýmon Pegg, Wing Reýms, Heýli Etwell, Wanessa Kirbi, Pom Klementýeff, Şi Uigem, Genri Çerni, Greg Tarzan Dewis, Mariela Garriga we Indira Warma dagy gaýdyp geler. Aktýorlar düzümine Hanna Uoddingem, Janet MakTir, Holt MakKallani, Keti O'Braýan, Nik Offerman we Tramell Tillman dagy ilkinji gezek goşular.