Focus Features kinokompaniýasy Ues Andersonyň ýakynda çykjak “Finikiýa shemasy” filminiň ilkinji treýlerini çykardy. Filmiň dünýäde ilkinji görkezilişi 30-njy maýda bolar. Anderson filmde ýene ýyldyz aktýorlary: Benisio Del Torony, Mia Tripltony, Maýkl Cerany, Tom Henksi, Braýan Krenstony, Riz Ahmedi, Skarlett Ýohanssony, Benedikt Kemberbetçi we başgalary oýnatdy. Filmde Ýewropanyň iň baý adamlaryndan biri we onuň gyzy bilen çapraz gelýän gatnaşyklary barada gürrüň berilýär. Režissýor filmiň edebi esasyny Roman Koppola bilen bilelikde ýazdy, olar bilelikde eýýäm birnäçe taslamada: “Itler adasynda”, “Fransuz habarçysynda”, “Darjilinge barýan otluda” we “Dolan Aý şalygynda” hyzmatdaşlyk edipdiler. Koppola soňky filminiň edebi esasy üçin 2013-nji ýylda “Oskara” dalaşgär görkezilipdi. “Finikiýa shemasyny” relizden öň 13-24-nji maý aralygynda geçiriljek Kan film festiwalynda görkeziler diýlip garaşylýar. Andersonyň öňki doly metražly “Asteroidler şäheri” filmi 2023-nji ýylda çykyp, 53,8 million dollar girdeji gazandy. Şol ýylyň oktýabr aýynda režissýor “Genri Şugaryň ajaýyp hekaýaty” atly gysga metražly filmi çykardy we bu film üçin “Iň gowy gysga metražly film” kategoriýasynda “Oskar” baýragyny aldy.