Ýapon deňzindäki Beýik Piter aýlagyndan Beýik Watançylyk urşy döwründe gark bolan “Malyutka” görnüşindäki sowet suwasty gämisi tapyldy. Onuň gözleg işleri 20 ýyl töweregi dowam etdi diýip, Russiýanyň Harby-deňiz flotunyň Ýuwaşumman flotunyň metbugat gullugyna salgylanýan VL.ru habar berýär. Ýuwaşumman flotunyň iki sany kiçi suwasty gämisi “M-49” we “M-63” 1941-nji ýylyň awgust aýynda aýlagyň günorta-günbatar böleginde söweş tabşyrygyny ýerine ýetirýärkä ýitipdi. M-49 bilen aragatnaşyk 16-njy awgustda ýitdi. Gäminiň bortunda 22 adamdan ybarat ekipaž bardy. “M-49”-nyň ýerleşýän ýerini “Igor Belousow” halas ediş gämisiniň ekipažy kesgitledi. Hünärmenler suwasty tehnikany ulanyp, suwasty gäminiň şekiliniň, ululygynyň we ýarag enjamlarynyň “Malyutka” görnüşiniň görkezilerine laýyk gelýändigini anykladylar. M-49 suwasty gämisiniň 1937-nji ýylyň iýul aýynda düýbi tutulyp, 1939-njy ýylyň ýanwar aýynda suwa goýberildi we şol ýylyň awgust aýynda Ýuwaşumman flotunyň hataryna goşuldy. 1941-nji ýylyň awgust aýynda gämi Wladiwostok sebitine patrullyk etmäge çykdy. Suwasty gämilerine ölçegleri göz öňünde tutulyp, "Malýutka" diýlip at berildi. Kiçi gabara olary demir ýol bilen sökmän daşamaga mümkinçilik berýärdi. M seriýaly suwasty gämiler agramy bilen 258 tonna suwy gysyp çykarýardy, burnundaky apparatlarynda iki sany torpedo we rubkanyň ýanynda 45 mm-lik top bardy.