«Biziň soňkymyz» (The Last of Us) serialynyň ikinji möwsümine Rotten Tomatoes-da 90% oňyn syn berildi. Serial öňküsi ýaly kämil hem täsirli bolmagynda galýar. Ikinji möwsümde, ozalky ýaly, syýahat temasyna däl-de, siwilizasiýanyň kem-kemden kämilleşmegine we belli bir ýerde ýaşamagyň nähili boljakdygyna üns berilýär diýip, «Variety» neşiri habar berýär. Ikinji möwsümde Ebbi (Keýtlin Dewer) atly keşp ilkinji gezek peýda bolýar, emma ol garaşylşy ýaly uly rol oýnamaýar. Onuň ýerine Dina (Izabela Mersed) Elli üçin möhüm ýoldaşa öwrülýär. «Biziň soňkymyz» serialynda zombi ýeke-täk howp däl. Kanunlaryň ýok dünýäsinde her bir adam dogry bilen ýalňyşy özüçe kesgitleýär. Serialyň ikinji möwsüminiň ilkinji bölümi 14-nji aprele geçilýän gije HBO-da we Max-de görkeziler, galan bölümler bolsa her hepdäniň ýekşenbe güni ýaýlyma beriler. Ýatlatsak, ozal serial tomaşa sany boýunça «Aždarhanyň öýünden» öňe geçip, rekord goýupdy.