Türkmenistan bilen Eýran Hazar deňziniň serhet çyzygyny kesgitlemek boýunça geňeşmeleri geçirdi şu gün 14:25 992 Türkmenistan bilen Eýran Hazar deňziniň serhet çyzygyny kesgitlemek boýunça geňeşmeleri geçirdi 7-8-nji aprelde Aşgabatda Türkmenistanyň Hazar deňzi institutynda deňiz serhet çyzygyny kesgitlemek, balykçylyk sebitleriniň çäklerini anyklamak, başlangyç çyzygy çekmek, şeýle hem Hazar deňziniň düýbi boýunça araçäkleriniň bellenilmegi bilen bagly meseleler we degişli resminamalar babatynda ikitaraplaýyn geňeşmeler geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-nde habar berdiler. Türkmen tarapyna Türkmenistanyň Hazar deňzi institutynyň direktory Myrat Atajanow, eýran tarapyna bolsa Eýranyň Daşary işler ministriniň Hazar deňzi meseleleri boýunça kömekçisi Alireza Jahangiri ýolbaşçylyk etdi. Gepleşikleriň dowamynda Hazar deňziniň daşky gurşawy bilen baglanyşykly meseleleri öz içine alýan ikitaraplaýyn we bäştaraplaýyn hyzmatdaşlygyň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.