ABŞ Hytaýdan getirilýän harytlara salynýan gümrük pajyny 104%-e çenli ýokarlandyrdy. Bu barada Ak tamyň metbugat sekretary Kerolaýn Liwitt habar berdi diýip, «Associated Press» ýazýar. Täze nyrhlar 9-njy aprelde güýje girer. Bu karar Hytaý tarapyndan girizilen garşylyklaýyn salgytlaryň ýatyrylmandygy sebäpli kabul edildi. «Hytaýyň jogap çärelerini girizmegi ýalňyşlyk boldy» — diýip, Liwitt aýtdy. Ýatlatsak, 2-nji aprelde ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp 185 ýurdy we territoriýany, şol sanda Hytaýy hem öz içine alýan «özara» gümrük paçlary baradaky permana gol çekipdi. Jogap hökmünde Hytaýyň hökümeti hem ABŞ-dan getirilýän ähli harytlara goşmaça 34% möçberinde gümrük paçlarynyň giriziljekdigini habar beripdi. Şondan soň, Donald Tramp Hytaýyň garşylyklaýyn çärelerden el çekmegini talap edip, ýene goşmaça paçlaryň girizilip bilinjekdigi aýtdy.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 week ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir