Wuster politehniki institutynyň (ABŞ) aspiranty Lidiýa Ellen Tonani-Penýa Tehasda geçirilen ylmy konferensiýada «Tethys» taslamasyny tanyşdyrdy. NASA tarapyndan goldanylýan taslama Marsda uzak wagtlap ýaşamagy maksat edinýän missiýalaryň iň möhüm meseleleriň birini çözmäge gönükdirilendir: ýerli çeşmelerden içmäge ýaramly suwy öndürmek. Bu barada «Universe Today» habar berýär. «Tethys» taslamasynyň esasy maksady – Marsyň topragynda suwuk ýa-da doňan halda bolup bilýän duzly suwlary arassalap, içmek üçin ýaramly ýagdaýa getirmekdir. Sebäbi bu suwlarda «perhlorat» diýilýän zäherli duzlar bar we olary aýyrmak üçin köp energiýa gerek bolýar. Şol sebäpdenem täze we netijeli tehnologiýa zerur bolup durýar. Taslama üç tapgyrdan ybarat bolar: ilki maglumatlar seljeriler, soň bolsa Marsyň topragyna meňzeş şertlerde synag geçirmek üçin prototip taýýarlanylar. Regolitiň ýylylyk we elektrik geçirijiligine aýratyn üns beriler – bu parametrler energiýa taýdan tygşytly ulgamlary taslamak üçin örän wajypdyr. Tonani-Penýanyň sözlerine görä, laboratoriýadaky üstünlikler diňe başlangyçdyr. «Sebitleýin topragyň düzümindäki tapawutlary göz öňünde tutmaly we energiýanyň sarp edilişini optimizirlemeli. Ulgam her bir wattyň hem energiýa hasaplanylýan ýerinde, ýagny Mars şertlerinde awtonom işlemegi başarmalydyr» — diýip, ol belläp geçýär. «Tethys» taslamasy – NASA-nyň geljekki missiýalary zerur resurslar bilen üpjün etmäge gönükdirilen giň möçberli tagallalarynyň bir bölegidir. NASA ozal hem MOXIE enjamy arkaly Marsyň atmosferasyndan kislorod öndürmegi başarypdy, Ingenuity dikuçary bolsa uçuş barlaglaryny üstünlikli geçiripdi. Emma ygtybarly suw çeşmesi bolmazdan, Marsda uzak ýaşamak mümkin däl. Şonuň üçin hem şeýle taslamalar NASA üçin aýratyn ähmiýete eýedir.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 week ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir