Amerikaly aktýor Robert De Niro 78-nji Kann kinofestiwalynyň açylyş dabarasynda hormatly «Altyn palma şahasy» bilen sylaglanar. Ol dünýä kinematografiýasyna goşan goşantlary üçin sylaglanar. «Ýedinji sungatyň özeni bolan ýüzleri, şeýle hem sinefiliýanyň taryhyna baky giren sözleri bar. Ýumşak ýylgyryşynda ýa-da sowuk bakyşynda ýüze çykýan çuňňur içki stili bilen Robert De Niro kinematografiýanyň rowaýatyna öwrüldi» — diýip, kinofestiwalyň resmi web sahypasynda aýdylýar. Aktýor 2011-nji ýylda Kann kinofestiwalynyň eminler toparyna ýolbaşçylyk edipdi. «Mende Kann festiwalyna bolan örän mähirli duýgular bar... Häzirki wagtda bizi biri-birimizden daşlaşdyrýan zatlar köp, emma Kann bizi – hekaýaçylary, kinoçylary, tomaşaçylary we dostlary – birleşdirýär. Bu öýe dolanyp gelmek ýaly» — diýip, De Niro hormatly baýrak baradaky habary teswirledi. De Niro 100-den gowrak filmde keşp ýerine ýetirdi we 30-dan gowrak filme prodýuserlik etdi. Ol iki gezek «Oskar» we «Altyn globus» baýraklaryna mynasyp boldy, sekiz gezek BAFTA baýragyna dalaşgär görkezildi we başga-da köp sanly sylaglara eýe boldy. De Niro esasan-da režissýor Martin Skorseze bilen köp ýyllap hyzmatdaşlyk etmegi bilen tanalýar – ol Skorsezäniň 10 filminde oýnady.