8-nji aprelde Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Halkara okuw-ylmy merkezinde sanly ulgam arkaly guralan saglygy goraýyş boýunça XII Türkmen-german forumy öz işini tamamlady. Iki günlük foruma Germaniýa Federatiw Respublikasynyň öňdebaryjy klinikalarynyň professorlary we lukmanlary, ýurdumyzyň saglygy goraýyş edaralarynyň, şol sanda Halkara okuw-ylmy merkeziniň, Halkara saglyk merkezleri müdiriýetiniň, Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş ylmy-kliniki merkeziniň, Halkara fiziologiýa ylmy-kliniki merkeziniň, welaýat Saglygy goraýyş müdirlikleriniň hünärmenleri, Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň mugallymlarydyr talyplary gatnaşdylar. Germaniýaly hyzmatdaşlar özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmekde başlangyçly çemeleşmesi hem-de bildirilýän uly ynam üçin türkmen tarapyna hoşallyk bildirip, saglygy goraýşyň ählumumy meselelerini çözmek boýunça täze çemeleşmeleri gözlemek babatda netijeli gatnaşyklary has-da pugtalandyrmagyň zerurdygyny bellediler. Germaniýaly hünärmenler ýola goýlan dialogy giňeltmegi maksat edinýändiklerini tassyklap, türkmen kärdeşleri bilen toplan tejribelerini, täze ylmy-amaly işläp taýýarlamalaryny paýlaşmaga taýýardyklaryny beýan etdiler. Forumyň ahyrynda taraplar häzirki zaman lukmançylygynyň wajyp meseleleri boýunça geçirilen dialogyň netijeli häsiýetini belläp, bu pikir alyşmalaryň ilatyň saglygyny berkitmäge gönükdirilen bilelikdäki taslamalaryň we başlangyçlaryň durmuşa geçirilmegine ýardam berjekdigine ynam bildirdiler.