Ispaniýada Diggia atly kompaniýalar topary elektromobiller üçin SBOW iFlex atly örän çalt göçme zarýad stansiýalaryny synagdan geçirip başlady diýip, «El Diario» ýazýar. Tekerli platformanyň üstünde ýerleşdirilen enjamlar 240 kWt-a çenli güýç berýär we şol bir wagtda iki elektromobili zarýadlap bilýär. Olar elektrik ulgamyna, beýleki zarýad stansiýalaryna birikdirilip işlemäge ýa-da içine ýerleşdirilen batareýanyň hasabyna hem işlemäge ukyply. Şol batareýa bilen alty elektromobili doly zarýadlap bolýar. Göçme mümkinçiligi iFlex-i köpçülikleýin çärelerde ulanmak, döwülen zarýad stansiýalarynyň ýerine wagtlaýynça goýmak ýa-da elektrik ulgamyna agram düşýän döwürlerde goldaw bermek üçin amatly edýär. Bu çözgüt eýýämden karşering hyzmatlaryny we logistiki sebitleri dolandyrýan kompaniýalaryň ünsüni özüne çekdi. SBOW iFlex-iň öndürijileri bu ulgamyň zarýad infrastrukturasynyň iň esasy kynçylyklaryny – gurmasy uzaga çekýän we çeýeligi pes bolan stansiýalaryň meselesini çözüp biljekdigini belleýärler.