Günorta koreýaly Krafton kompaniýasynyň durmuşy baradaky «inZOI» atly täze simulýatory (kompýuter oýny) çykanyna bary-ýogy bir hepde geçensoň, Steam platformasynda milliondan gowrak nusgada satyldy. Bu barada oýny işläp düzüjiniň resmi web sahypasynda habar berilýär. Oýun 28-nji martda Steam platformasynda irki elýeterlilik görnüşinde çykaryldy we bary-ýogy 40 minutdan soň platformanyň iň meşhur oýunlarynyň sanawynyň başyna geçdi. 4-nji aprel ýagdaýyna görä, inZOI häzirki wagtda elýeterli bolan ähli ýurtlarda Steam-de iň köp satylan oýun bolmagynda galýar. Şeýle hem oýun oňyn teswirleri almaga dowam edýär. Oýnuň Steam-däki teswirleriniň 83%-i oňyn. Ulanyjylar grafikasynyň gowudygyny, gahrymanlaryň gowy işlenip taýýarlanandygyny belleýärler, ýöne mazmunyň azdygyny we käbir tehniki näsazlyklaryň bardygyny hem aýdýarlar. inZOI oýnunyň esasy aýratynlygy – hakyky grafika bilen çuň kastomizasiýany (şahsylaşdyrmany) utgaşdyrmagydyr. Esasy bäsdeşi The Sims oýnunyň multfilm äheňinden tapawutlylykda, inZOI Unreal Engine 5 hereketlendirjisi arkaly tas kinodaky ýaly grafikalary bilen çykyş edýär.