Ýakyn wagtda Siemens Gamesa kompaniýasy dünýädäki iň güýçli ýel turbinasynyň gurnama işlerini tamamlap, hytaýly öndürijilere garşy çynlakaý bäsdeşlik döretdi. Häzirki wagtda köp sanly ýewropaly kompaniýa, esasan, 14-15 MWt kuwwatly ýel turbinalaryny öndürýär. Emma Siemens Energy kompaniýasynyň bir şahamçasy Daniýanyň deňizýaka sebitinde 21,5 megawattlyk ägirt uly turbinany taýýarlap, ony ýerinde gurnamagy başardy diýip, «Interesting Engineering» neşiri habar berýär. Häzirki wagta çenli dünýäde iň kuwwatly ýel turbinalaryny öndürmekde öňdeligi hytaýly kompaniýalar, şol sanda Dongfang Electric we MingYang eýeläp gelýärdi. Olar 18-20 MWt kuwwatly turbinalary öndüripdi, şeýle-de 26 megawattlyk turbinany döretmek boýunça meýilnamalary hem bardy. Aýry-aýry turbinalaryň kuwwaty näçe ýokary bolsa, olar tarapyndan öndürilýän elektrik energiýasy-da şonça arzan bolýar. Ýöne şol bir wagtyň özünde, beýikligini Eýfel diňi bilen deňeşdirip boljak ägirt uly gurluşlary daşamak we gurnamak diýseň gymmat bolýar hem-de tehnologik taýdan birnäçe kynçylyklary döredýär. Ýewropaly öndüriji şeýle güýçli turbinalary gurnamagyň we işletmegiň näderejede çylşyrymlydygyny bilýär. Şonuň üçin hem Siemens Energy 21,5 megawattlyk turbinalary öndürmek boýunça gutarnykly karar kabul edenok. Gurnalan ilkinji ägirt uly turbina synag meýdançasy hökmünde ulanylar. Daniýanyň hökümeti bu turbinanyň 2027-nji ýyla çenli işledilmegine we kämilleşdirilmegine rugsat berdi. Şol döwre çenli kompaniýa şeýle güýçli turbinalaryň köpçülikleýin önümçiligine başlamak ýa-da esasy ünsüni has pesräk kuwwatly enjamlaryň önümçiligine gönükdirmek boýunça anyk karar kabul eder.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 week ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir