Xiaomi Hindistanda täze örän arzan bahaly Poco C71 smartfonyny tanyşdyrdy. Täze model Samsung Galaxy M06 we Infinix Smart 9 HD ýaly arzan smartfonlara bäsdeş bolar diýip, «NotebookCheck» neşiri habar berýär. Poco C71 modeli 6,88 dýuýmlyk HD+ durulygy, 120 Gs täzeleniş ýygylygy bolan IPS ekran, 32 MP esasy kamera we 8 MP öňdäki kamera bilen gelýär. Smartfon Unisoc T2750 Max prosessory esasynda işleýär hem-de 6 GB çenli operatiw ýat (RAM) we 128 GB içerki ýat bilen hödürlenýär. Enjam Android 15 (Go Edition) operasion ulgamy bilen işleýär. Geljekde smartfon iki sany uly Android täzelenmesini alar, howpsuzlyk täzelenmeleri bolsa 4 ýyl dowam eder. Arzan bahasyna garamazdan, Poco C71 IP52 gorag standarty bilen üpjün edilen. Batareýasynyň sygymy 5200 mA·sag bolup, 15 Wt zarýad berşi goldaýar. Enjam gapdal tarapda barmak yzy skaneri, adaty nauşnik giriş porty we LTE modemi bilen üpjün edilen. Galyňlygy 8,2 mm, agramy bolsa 193 gram. Bahasy 6499 hindi rupiýasyndan (takmynan, 76 dollardan) başlaýar.

Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 1 week ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir