Saud Arabystany Aziýa bazary üçin nebitiň ähli görnüşleriniň eksport bahalaryny maý aýynda bir barrel üçin $2,3 arzanladar. Bu 2022-nji ýylyň oktýabryndan bäri iň uly arzanlatmadyr. Aziýa iberilýän esasy Arab Light görnüşiniň bahasy soňky dört aýda iň pes derejä ýeter. Saudi Aramco döwlet kompaniýasy onuň Oman/Dubaý nebit sebedinden $1,2 gymmat boljakdygyny habar berdi. Şeýle-de, beýleki sebitler üçin hem nebitiň bahasy peseldiler. ABŞ üçin arzanladyş barreline $0,2, Demirgazyk-Günbatar Ýewropadan we Ortaýer deňzinden alyjylar üçin barreline $0,5 bolar.