Amerikan hünärmenleri orbitada iň köne emeli obýekt bolan Vanguard 1 hemrasyny Ýere yzyna gaýtarmak meýilnamasyny teklip etdi. 67 ýyl mundan ozal uçurylan enjamy kosmosda uzak wagtlap bolandan soň öwrenmek we kosmos eýýamynyň özboluşly eksponaty hökmünde saklap galmak isleýärler. Amerikanyň Harby-deňiz gözleg barlaghanasy (NRL) tarapyndan döredilen Vanguard 1 hemrasy 1958-nji ýylyň 17-nji martynda, SSSR bilen ABŞ-nyň arasynda kosmos ýaryşynyň güýjän döwründe uçuryldy. Onuň signal iberijisiniň baryp 1964-nji ýylda işlemegini bes edendigine garamazdan, enjam yzarlanýar we ol planetamyzyň daşyndan aýlanmagyny dowam etdirýär. Enjamyň agramy 1,46 kg bolup, 91 sm antennalar bilen 15 sm diametrli alýumin şaryň şekilindedir. Ol 660-dan 3822 km çenli belentlik bilen elliptik orbita boýunça hereket edýär we Gün batareýalarynda işleýän ilkinji hemra boldy. Ony yzyna getirmek meýilnamasyny analitik Mett Billiň ýolbaşçylygynda Booz Allen Hamilton topary hödürledi. Ilkibaşda hemrany surata düşürmek, öwrenmek we häzirkizaman sensorlarynyň kömegi bilen onuň ýagdaýyna baha bermek gerek. Eger ol işe ýaramly bolsa, HKS-e, soňra Ýere getiriler. Vanguard 1-iň yzyna getirilmegi kosmosda uzak wagtlap bolmagyň onuň Gün batareýalary, akkumulýatorlar, korpus ýaly materiallaryna we böleklerine ýetiren täsirini öwrenmäge mümkinçilik berer. Şeýle-de, missiýa orbitada obýektleri bir ýerden başga ýere geçirmek boýunça döwrebap tehnologiýalaryň mümkinçiliklerini görkezmäge kömek eder. Häzirki wagtda missiýa jogap berýän bellibir kompaniýa ýok, ýöne Vanguard missiýasy edarasyny (VMA) döretmek teklip edildi. Maliýeleşdirme Jared Aýzekman ýa-da Jeff Bezos ýaly şahsy adamlar tarapyndan üpjün edilip bilner.