7-nji aprelde Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew Parlamentara Bileleşigiň 150-nji ýubileý Assambleýasyna gatnaşmak üçin Daşkent şäherine gelen Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Parlamentleriniň ýolbaşçylaryny kabul etdi. Bu barada Türkmenistanyň Mejlisiniň metbugat gullugy habar berdi. Bilelikdäki duşuşyga Türkmenistanyň, Gazagystanyň, Gyrgyz Respublikasynyň hem-de Täjigistanyň parlament ýolbaşçylary gatnaşdylar. Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy Özbegistanyň döwlet Baştutanyna Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň dostlukly salamlaryny we özbek halkyna iberen iň gowy arzuwlaryny ýetirdi. Duşuşygyň barşynda döwlet Baştutanlarynyň tagallalary bilen, soňky ýyllarda Merkezi Aziýanyň howpsuzlygyň, ylalaşygyň we durnukly ösüşiň sebitine öwrülendigi bellenildi. Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşyklarynyň, Samarkant şäherinde geçirilen «Merkezi Aziýa – Ýewropa Bileleşigi» görnüşindäki birinji sammitiň we dürli derejedäki beýleki duşuşyklaryň, çäreleriň sebitleýin we ählumumy hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmäge ýardam edýändigi nygtaldy. Şeýle hem iki ýurdy we halky has ýakynlaşdyrmagyň, bilelikdäki başlangyçlary we hyzmatdaşlyk taslamalaryny üstünlikli durmuşa geçirmegiň, sebitara we ynsanperwer gatnaşyklary giňeltmegiň, şol sanda parlament derejesinde gepleşikleri güýçlendirmegiň ähmiýeti nygtaldy. Türkmen tarapy türkmen we özbek halklaryny gadymyýetden gelýän taryhy kökleriň, medeni we ruhy umumylyklaryň baglanyşdyrýandygyny, häzirki wagtda özara hormat goýmaga, ynanyşmaga we deňhukuklylyga esaslanýan bu gatnaşyklaryň ähli ugurlar boýunça döwlet ýolbaşçylarynyň tagallalary netijesinde üstünlikli ösdürilýändigini we täze mazmun bilen baýlaşdyrylýandygyny belledi.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 week ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir