Carlex Design kompaniýasy «Mercedes-Benz G63-i» üýtgedip, Ikinji jahan urşunyň meşhur «P-51 Mustang» söweşjeň uçarynyň äheňinde taýýarlady diýip, «CarBuzz» neşiri habar berýär. Bu model «Vintage SW-51» diýlip atlandyryldy. Onuň esasy aýratynlyklary – berkidilen metal kuzowy, ýalpyldawuk polirlenen elementleri, awiasion äheňdäki nyşanlary hem-de uçaryňky ýaly her tarapynda bäş sany, jemi on sany tüsse çykaryjy turbasynyň bolmagydyr. Ilkinji nusga «The Emerald Racer» diýlip atlandyryldy. Onuň kuzowy ýaşyl reňkde bolup, hrom elementler bilen bezelen. Salony düýbünden täzeden taýýarlanylan – ýokary hilli goňur deri, ýaşyl zamşa, agaç bezegler we uglerod süýümli dekorasiýalar ulanylan. Howa çalşyk panelleri uçaryň perine meňzedilen, oturgyçlar bolsa doly awiasion äheňde taýýarlanylan. Bu taslamanyň esasynda 577 at güýji bolan 4.0 litrlik V8 hereketlendirijili «Mercedes-AMG G63» ulanyldy, ulagyň ýerden beýikligi hem ýokarlandyryldy. Taslama «SW-51» uçarynyň replikalaryny öndürýän nemes awiastudiýasy ScaleWings bilen bilelikde taýýarlanyldy. Geljekde bu hatara başga-da täze wersiýalar goşular: «The Shadow Comet» we «The Crimson Phantom». Bahasy diňe ýörite sorag esasynda mälim edilýär, emma onuň bahasy, ähtimal, ýedi belgili san bolmaly.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 week ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir