Kanadaly Bombardier kompaniýasy täze «Global 8000» biznes-jetini tanyşdyrdy. 2025-nji ýylyň ikinji ýarymynda ilkinji gezek asmana göteriljek «Global 8000» uçarynyň dünýäniň iň çalt seriýaly biznes-jeti bolmagyna we örän uzak aralyga uçmagyna garaşylýar diýip, «Interesting Engineering» neşiri habar berýär. «Global 8000» biznes-jeti sagatda 1152 kilometr tizlikde, 12,5 müň metr belentlikden uçmaga ukyply bolar. Uçuş aralygy bolsa 14 müň 816 kilometre ýeter. Şeýle tehniki mümkinçiliklerine garamazdan, bu uçar diňe 19 ýolagçyny gatnatmak üçin niýetlenen, ýagny köpçülikleýin ulanmak üçin döredilen däldir. Şeýle-de uçar ýokary derejede enjamlaşdyrylar: onuň içinde dört sany ýaşaýyş bölümi, iki sany hammam we uçaryň işgärleri üçin dynç alyş ýeri bolar. Esasy lýuks otagda bolsa düşek we goşmaça duş hem ýerleşdiriler. Bombardier mundan ozal hem ýokary tizlikdäki uçarlary döretmek baradaky meýilnamalary bilen tanalýardy. «Global 8000» bu ugurdaky esasy taslamalarynyň biri bolar.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 week ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir