Etihad Airways awiakompaniýasy ýolagçylara Airbus A380 uçarynyň bortunda The Residence kaşaňlygyny hödürleýär. Şeýle uçuşyň bahasy 49 müň funt sterlinge (takmynan, 62,2 müň dollar) barabar diýip, Daily Express habar berýär. Şeýle teklip aýratyn ýatylýan otagy, myhman otagyny we duşly wanna otagyny öz içine alýar. Ýolagça uçuş wagtynda islendik islegiňi ýerine ýetirmäge taýýar gullukçy hem berkidilýär. Awiakompaniýa biletiň şeýle gymmat bahasyny rahatlygyň derejesi we hatda iň bir ownuk detallara berilýän üns bilen baglanyşdyrýar. Artykmaçlyklaryň arasynda – uçara öňürti ýerleşmek, aýratyn garaşylýan otaglara elýeterlilik we doly ýekelikde bolmak mümkinçiligi bar. “Göz öňüne getiriň: siz hemmeden üzňelikde lezzet alyp, öz otagyňyzda dynç alýarsyňyz ýa-da dünýä derejeli şef-aşpezden tagamlary dadyp görýärsiňiz – bularyň ählisi birnäçe müň metr belentlikde” – diýip, žurnalistler ýazýar. “The Residence-iň özüne çekijiligi onuň özboluşlylygy: bu ýönekeý bir uçuş däl-de, eýsem gündelik durmuşdan gaçmagyň ýoly” – diýlip, materialda bellenilýär.