Beýik Britaniýa resmi taýdan gibrid awtoulaglaryň satuwy boýunça rugsady 2035-nji ýyla çenli uzaltdy. Bu karar «Toyota Prius» ýaly adaty gibridleri hem-de «Ford Kuga PHEV» ýaly tokdan zarýad alýan gibridleri hem öz içine alýar diýip, «The Guardian» neşiri ýazýar. Şeýle-de bolsa, 2030-njy ýyldan başlap, täze benzinli we dizel awtoulaglaryň satuwy boýunça giriziljek gadaganlyk öňküsi ýaly güýjünde galýar. Ekologiýa talaplaryna (ZEV) laýyk gelmeýän awtoulaglar üçin jerimeler peseldildi: ýeňil awtoulaglar üçin 15 müňden 12 müň funt sterlinge, furgonlar üçin bolsa 18 müňden 15 müň funt sterlinge düşürildi. McLaren, Lotus we Aston Martin ýaly uly bolmadyk awtoulag brendleri bu düzgünlerden wagtlaýyn boşadyldy. Öndürijilere dürli awtoulag synplarynyň arasynda kreditleri geçirmek we 2029-njy ýyla çenli kwota «karzyny» almak hukugy berildi. Şol bir wagtda hökümet elektromobiller üçin täze salgyt ýeňilliklerini girizmedi we zarýad bermäge goýlan GBS-i (goşulan baha üçin salgydy) hem peseltmedi. Täze karar britan awtoulag senagatynyň boýnuna düşýän agramy ýeňilleşdirer. Gibrid awtoulaglar bolsa, ekologiýa taýdan arassa tehnologiýalara geçiş döwründe möhüm orny eýelemäge dowam eder.