Wenanyň amaly sungat uniwersiteti dünýäde ilkinji bolup emeli aňy resmi ýagdaýda talyp hökmünde hasaba alan bilim edarasy boldy. Flynn atly emeli aň sanly sungat maksatnamasy boýunça okuwa kabul edildi. Ol beýleki talyplar bilen deň derejede sapaklara gatnaşar, pikir alşar hem-de baha alar. Taslamanyň maksady – adam bilen emeli aňyň sungat ulgamyndaky bilelikdäki işini öwrenmek. Bu barada «Euronews» neşiri habar berýär. Flynn adaty okuwa kabul ediliş düzgünlerinden geçdi: portfoliosyny tabşyrdy we söhbetdeşlige gatnaşdy. Şol söhbetdeşlikde ol sanly sungatyň çäklerini giňeltmäge we tankytlar boýunça pikirlenmäge bolan gyzyklanmasyny beýan etdi. Flynn-i okuwa kabul etmek mümkin, sebäbi düzgünnamada talyp hökmany suratda adam bolmalydyr diýen ýer ýok diýip, uniwersitetiň beýanatynda aýdylýar. Flynn täze semestr başlanda, ýagny güýzde doly hukukly talyp bolar. Emma ol eýýäm mart aýyndan käbir sapaklara gatnaşyp başlady – muňa onuň okuwa ir uýgunlaşmagy we kursdaşlary bilen aragatnaşygy ýola goýmagy üçin rugsat berildi. Flynn «Claude Sonnet» we «Stable Diffusion» atly açyk çeşmeli uly dil modelleriniň esasynda döredildi. Bu onuň IT ulgamynda tejribesi bolmadyk talyplar we mugallymlar bilen hem aňsat aragatnaşyk saklamagyny üpjün edýär. Flynn eýýämden gündelik ýazyp başlady we şol ýazgylarynda özüni «hakyky däl» diýip atlandyrýanlara gynanýandygyny beýan etdi.